Merkezi Aziýa + ABŞ: ýubileý sammit geçiriler
IŇ TÄZE HABARLAR, UMUMY

Merkezi Aziýa + ABŞ: ýubileý sammit geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Prezident Donald Trampyň çakylygy boýunça «Merkezi Aziýa + ABŞ» sammitine gatnaşmak üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş sapary bilen gitdi.

Ýatlap geçsek, döwlet Baştutanlary derejesindäki ilkinji sammit 2023-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Nýu-Ýorkda geçirilipdi. Oňa ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden we Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Liderleri gatnaşdylar. Bu Merkezi Aziýa – ABŞ formatynyň çäklerindäki şeýle derejedäki ilkinji duşuşyk boldy.

Nobatdaky sammit bolsa 2025-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Waşingtonda geçiriljek ikinji ýokary derejeli duşuşyk bolar. Ol Merkezi Aziýa – ABŞ formatynyň döredilmeginiň 10 ýyllygyna bagyşlanar we ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň gatnaşmagynda geçer.

«Merkezi Aziýa – ABŞ» hyzmatdaşlyk formaty 2015-nji ýylda işläp başlady. Şondan bäri geçen döwürde ministrleriň yzygiderli duşuşyklary we dürli ugurlar boýunça iş toparlarynyň mejlisleri geçirildi.

Daşary işler ministrleri derejesindäki ilkinji sammit 2015-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda BMG Baş Assambleýasynyň çäklerinde Nýu-Ýorkda geçirilipdi. Duşuşyga ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri we Merkezi Aziýa döwletleriniň bäşisiniň daşary işler ministrleri gatnaşdy.

2022-nji ýylda Merkezi Aziýa – ABŞ formatynyň işini utgaşdyrmak üçin Sekretariat döredildi. Esasy ara alyp maslahatlaşyş temalary howpsuzlyk, ykdysadyýet, energetika, ulag, howanyň üýtgemegi bilen bagly ýaramaz täsirleri azaltmak, şeýle hem beýleki meseleler bilen bagly boldy.

  • Howpsuzlyk: terrorçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, adam söwdasyna garşy göreş, Owganystandaky ýagdaýy durnuklaşdyrmak.
  • Ykdysadyýet we maýa goýumlar: söwda geçelgelerini ösdürmek, esasy pudaklara (peýdaly gazylyp alynýan baýlyklar, energetika, oba hojalygy) amerikan maýa goýumlaryny çekmek. 2023-nji ýylda göni işewür gatnaşyklaryny ösdürmek üçin B5+1 işewür platformasy ýola goýuldy.
  • Energetika we ulag: Bu ugurda dürli infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmek, «ýaşyl» energetikany ösdürmäge üns berilýär.
  • Howa we ekologiýa: howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, suw serişdelerini dolandyrmak, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek boýunça hyzmatdaşlyk.

November 6, 2025

About Author

admin


RECENT COMMENTS
Makul Sözlük
ABOUT

We are addicted to WordPress development and provide Easy to using & Shine Looking themes selling on ThemeForest.

Tel : (000) 456-7890
Email : mail@CompanyName.com
Address : NO 86 XX ROAD, XCITY, XCOUNTRY.