Türkmen okuwçylary 3 sany dünýä rekordyny täzeledi
UMUMY

Türkmen okuwçylary 3 sany dünýä rekordyny täzeledi

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Kids EXPO: “Ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasy açyldy. Şol halkara serginiň çäginde hem 3 tapgyrdan ybarat dünýä rekord synanyşygy geçirildi. Synanyşyklaryň üçüsi-de üstünlikli bolup, Türkmenistanyň aýratyn zehinli çagalary “Memoriad” mental arifmetika boýunça dünýä rekordyny täzelediler.

Oňa halkara derejeli emin “MEMORIAD” atly Bütindünýä Zehin Sport Olimpiadasynyň esaslandyryjysy Melik Duýar gatnaşdy we bu dünýä rekordlaryny hasaba aldy.

Ilkinji rekordy Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň 38-nji orta mekdebiniň 7-nji synp okuwçysy Rowaç Begenjow täzeledi. Onuň goýan rekordy iň çalt ýatdan goşmak görnüşinde bolup, 100 sany bir belgili sanlary dogry goşup we yzygiderli üç gezek dogry netije görkezdi. Ozalky dünýä rekordy 2016-njy ýylyň iýul aýynyň 1-ne, Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde Ömer Ýigit Agmanyň rekordy hasaba alnypdy. Ozalky rekord 19,88 sekundyň dowamynda goýlupdy. Täze rekord bolsa, 16.34 sekuntda goýuldy. Dünýä rekordynyň eýesi Rowaç Begenjow “Kämil bilim” merkeziniň mugallymy Meýlis Jelilow taýýarlady.

Ikinji rekord Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň iňlis dili, fizika we matematika derslerini çuňlaşdyryp öwredilýän ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Aly Oraşow tarapyndan täzelendi. Onuň goýan dünýä rekordy Çalt Flaş Anzan görnüşinde bolup, ol sekundyň dowamynda 2 belgili 150 sany 0,3 sekunt tizlik bilen goşmak boýunça synanyşdy. Iň soňky rekordyň eýesi hindistanly Mişti Dharmeş Şah bolup, onuň rekordy 2017-njy ýylyň oktýabr aýynyň 27-si güni türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde 5200 utuk bilen 325 sany 2 belgili sanlary 0,5 sekunt tizlik bilen goşmakda hasaba alnypdy. Täze dünýä rekordynyň eýesi Aly Oraşow 125 sany 2 belgili sanlary 0,3 millisekunt tizlik bilen hasaba alyndy.

3-nji rekord Balkanabat şäherindäki 3-nji daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 7-nji synp okuwçysy 10 sany 8 belgili sanlary biri-birine Köpeltmek görnüşinde 52,259 utuk bilen 172,22 sekundyň dowamynda Bütindünýä rekordyny täzeledi. Ozalky dünýä rekordynyň eýesi 2016-njy ýylyň noýabr aýynyň 7-sine Amerikanyň Birleşen Ştatynda, Las Wegasda koreý Jeonghi Liniň goýmagynda hasaba alyndy. Onuň rekordy 16 – 45,574 utuk bilen 00:03:17,48 bilen hasaba alyndy.

August 24, 2025

About Author

admin


RECENT COMMENTS
Makul Sözlük
ABOUT

We are addicted to WordPress development and provide Easy to using & Shine Looking themes selling on ThemeForest.

Tel : (000) 456-7890
Email : mail@CompanyName.com
Address : NO 86 XX ROAD, XCITY, XCOUNTRY.