2025-nji ýylyň 7-nji awgustynda dünýäniň iň meşhur emeli intellekt platformalarynyň biri bolan “ChatGPT”-niň täze wersiýasy — “GPT-5” resmi taýdan işe girizildi.
Täze model öňkülerden has çalt we takyk bolup, soraglara has ýerlikli jogap berýär, galp maglumat beriş derejesi bolsa ep-esli azaldy. “OpenAI”-nyň bellemegine görä, “GPT-5” diňe tekst bilen däl, surat, ses we wideo ýaly maglumat görnüşleri bilen hem işläp bilýär.
Näme täze?
- Jogap bermek tizligi we düşünmek ukyby ýokarlandyryldy.
- Uzyn we çylşyrymly soraglara has ýerlikli düşündiriş berýär.
- Kod ýazmak, öwrenmek we döredijilik işlerinde öňkülerden güýçli.
- Surat, ses we wideo bilen işlemek mümkinçilikleri giňeldi.
Kim ulanyp biler?
“GPT-5” häzirki wagtda “ChatGPT” ulanyjylarynyň hemmesine elýeterli. Mugt ulanyjylar çäkli görnüşini, tölegli abunaçylaryň bolsa doly mümkinçilikleri ulanmaga hukugy bar.
Bu täze wersiýa, gündelik durmuşda hem, bilimde, biznesde, hukuk we ylmy-barlag işlerinde hem giňden peýdalanyp bilinjek güýçli gural hökmünde hödürlenýär.
Malim bolşy ýaly, “Atawatan media” bolup, biz eýýäm 2 ýyldan bari emeli intellekt boýunça sowatlygy artdyrmak boyunca habarlary, şeýle hem emeli intellekt bilen taýýarlanan mazmunly kontentleri siz bilen paýlaşyp gelýäris.