ABŞ Pakistan bilen bilelikde nebit gözlemek işini alyp barar. Bu barada ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp özüniň jemgyýetiçlik tory arkaly habar berdi.
– Biz Pakistan bilen ylalaşyk baglaşdyk. Şoňa laýyklykda, Birleşen Ştatlar Pakistan bilen bilelikde nebitiň uly gorlaryny gözlemek işini alyp barar – diýip, Tramp belledi. Şeýle hem ol bu babatda ABŞ-nyň degişli kompaniýalarynyň saýlanyp alynjakdygyny aýtdy.
Trampyň bellemegine görä, Ak Tamyň işgärleri dünýäniň birnäçe döwletleri bilen söwda ylalaşyklaryny baglaşmak üçin iş alyp barýarlar.
Ýaňy-ýakynda ABŞ-nyň hökümeti bu babatda Ýewropa Bileleşigi bilen degişli ylalaşyk gazandy. Şoňa laýyklykda, ÝB Amerikadan 750 milliard dollar möçberinde energiýa serişdelerini, şeýle hem 600 milliard dollar maýa goýumlaryny özleşdirer.
Mundan başga-da, Koreýa Respublikasy bilen gazanylan ylalaşyga görä, koreý tarapy hem 350 milliardlyk maýa goýum göz öňünde tutýar.