Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 34 ýyllygyna hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň ýubileý 30 ýyllygyna gabatlanyp, çapa taýýarlanan “Makul iňlisçe–türkmençe sözlük” Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda neşir edilip, häzirki wagtda “Amazon” platformasynda satuwa çykaryldy. Kitaby bu linkden satyn alyp bilersiňiz https://www.amazon.com/dp/
Giň gerimli sözlük — 16 500 söz, ýörite adalgalar
Täze sözlük jemi 16 500 iňlis dilindäki sözleri we olaryň on müňlerçe türkmen dilindäki terjimelerini özünde jemleýär. Ol diňe umumy sözler bilen çäklenmän, hukuk, işewürlik, lukmançylyk, sport, emeli intellekt ýaly ugurlardaky ýöriteleşdirilen adalgalary hem öz içine alýar.
Bu neşir dürli toparlar üçin peýdaly gollanma bolup hyzmat eder: okuwçylar, talyplar, terjimeçiler, hukukçylar, ykdysadyýetçiler, lukmanlar, IT hünärmenler we halkara gatnaşyklary bilen meşgullanýan ähli okyjylar üçin giň mümkinçilikleri açýar. Kitabyň awtory we baş redaktory Dr. Döwran Orazgylyjow bolup durýar.
Redaksiýa kollegiýasy we dizaýn topary
Sözlügiň taýýarlanylmagyna birnäçe alymlar we hünärmenler gatnaşdy. Redaksiýa kollegiýasy şu adamlardan ybaratdyr:
Amangeldi Baýgeldiýew –filosofiýa ylymlarynyň kandidaty
Azat Nazarow – dilçi alym
Şamil Roznazarow – “Makul Hyzmat” terjime merkeziniň direktory
Döwran Orazgylyjow – hukuk ylymlarynyň doktory, awtor we baş redaktor
Kitabyň kompýuter dizaýn işleri hem ýaş hünärmen Ysmaýyl Orazgylyjow tarapyndan ýerine ýetirildi.
Neşiriň taýýarlanylmagy “Makul Hyzmat” Terjime Merkezi tarapyndan goldanyldy.

Halkara ýokary baha
Sözlügiň girişi boýunça dünýäniň öňdebaryjy alymlary we ýolbaşçylary öz beýanatlary bilen çykyş etdiler. Olar – S. Frederik Starr (Amerikanyň Daşary syýasat geňeşinde Ýewraziýa boýunça alym, Jon Hopkins uniwersitetiniň professory) bu sözlügiň “Türkmen diliniň halkara derejesinde öz mynasyp ornuny almagyna” mümkinçilik berýändigini belläp, ony “diller arasyndaky möhüm köpri” hökmünde häsiýetlendirdi.
Erik Stýuart (ABŞ–Türkmenistan işewürlik geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory) bolsa: “Açyk aragatnaşyk söwda we maýa goýumlaryň esasynda durýar. Bu kitap ýurtlarymyzyň arasyndaky uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň giňelmegine hyzmat eder” diýip belledi.
“Amazon” platformasynda satuwa çykaryldy
“Makul Sözlük” häzirki wagtda “Amazon” saýtynda satuwa çykaryldy we aşakdaky baglanyşyk arkaly satyn alyp bolýar:
Amazon – Makul English–Turkmen Dictionary https://www.amazon.com/dp/
Sanly mümkinçilikler
Sözlük diňe çap görnüşinde däl, eýsem www.makulsozluk.com web sahypasynda we mobil goşundylarda hem elýeterlidir. Ulanyjylar iňlis we türkmen sözleriniň ses ýazgylaryny diňläp bilerler, şeýle hem çagalar üçin oýunly sözlük, suratly sözlük, ýüzlerçe gepleşik nusgalary, nakyllar, suffiksler, prefiksler we idiomalar bilen tanşyp bilerler.
Dil diplomatiýasynyň täze basgançagy
“Makul Sözlük” diňe bir ylmy çeşme däl, eýsem Türkmenistan bilen Amerikanyň arasyndaky medeni, ykdysady we diplomatik gatnaşyklarda täze dil köprüsi bolup hyzmat etmegi maksat edinýär. Kitabyň awtory we baş redaktory hukuk ylymlarynyň doktory, UC Dawis uniwersitetiniň magistri Dr. Döwran Orazgylyjow bu işiň “Amerikan halkynyň türkmen dilini öwrenmegine, türkmen halkynyň bolsa iňlis dilini kämilleşdirmegine” hyzmat etjekdigini belledi.
RESMINAMALARYŇ TERJIMESI ÜÇIN: MAKUL HYZMAT
Daşary ýurtda bilim almak isleýän talyplaryň resminamalaryň dogry we takyk terjime edilmegi wajyp bolup durýar. Şu maksat bilen Türkiýede we dünýäniň dürli künjeginde bilim almak isleýän talyplar halkara okuw resminamalaryň terjimesi ulgamynda ýöriteleşen “Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň Aşgabat şäherindäki merkezlerine ýüz tutup bilerler.
“Makul Hyzmat” Terjime Merkezi
Aşgabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok,
Makul Hyzmat Ofis, 4. gat, 401
Tel: +993 63 78 96 73 / + 993 12 96 48 55
Elektron poçta salgysy: makulhyzmat@gmail.com