Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow çarşenbe güni Waşingtonda ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio bilen duşuşdy. Bu barada ABŞ-nyň Döwlet depertamenti resmi habar berdi.
Bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda amerikan tarapy iktaraplaýyn hoşniýetli dostlukly gatnaşyklary we söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek baradaky pikirlerini beýan etdi. Şunda sebitleýin integrasiýany ösdürmäge gönükdirilen «C5 + 1» görnüşindäki gepleşiklere möhüm ähmiýetiň degişlidigi barada Marko Rubio belledi.
«C5 + 1» görnüşindäki maslahat ABŞ bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrýan platforma bolup, taraplaryň arasynda ykdysadyýet, energiýa we daşky gurşaw ýaly köp sanly meselede bilelikde iş alyp barmagy üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary, şeýle-de sebit hem-de halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça özara pikir alşyldy.
Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 10-njy aprelinde ýola goýuldy. Geçen ýyllaryň dowamynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň ählisi boýunça üstünlikli ösdürilip, häzirki wagtda täze many-mazmun bilen yzygiderli baýlaşdyrylýar. Şunda sebit howpsuzlygyny hem-de durnuklylygyny berkitmek babatda bilelikdäki işler özara hereketleriň iň wajyp ugry hökmünde öňe çykýar. Iki döwlet Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Halkara pul gaznasynyň, Bütindünýä bankynyň hem-de beýleki abraýly düzümleriň agzasy hökmünde halkara giňişlikde birek-biregiň başlangyçlaryny goldap çykyş edýär.
Türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň soňky ýyllardaky ösüşi «Türkmenistan — ABŞ» işewürlik geňeşiniň alyp barýan işi bilen hem baglanyşyklydyr. 2008-nji ýylda döredilen geňeşiň esasy wezipesi iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ýardam bermekden ybaratdyr. Onuň düzümine girýän iri amerikan kompaniýalary türkmen bazarynda strategik taýdan ähmiýetli ugurlarda üstünlikli iş alyp barýarlar. ABŞ-nyň meşhur «John Deere», «Case New Holland», «General Electric», «Boeing», «Caterpillar» ýaly kompaniýalary Türkmenistan bilen işjeň hyzmatdaşlyk saklaýar. Umuman, özara bähbitlilik, deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda guralýan türkmen-amerikan gatnaşyklary häzirki şertlerde ösüşiň täze derejesine çykýar.