Halkara Emeli Intellekt Olimpiadasy 2025 Pekinde geçirildi
IŇ TÄZE HABARLAR, TEHNOLOGIÝA & AI

Halkara Emeli Intellekt Olimpiadasy 2025 Pekinde geçirildi

Pekin şäherinde geçirilen Halkara Emeli Intellekt Olimpiadasy 2025 üstünlikli jemlendi. Dünýäniň 27 ýurdundan toparlaryň gatnaşan bu halkara bäsleşiginde gatnaşyjylar altyn, kümüş we bürünç medallara mynasyp bolmak üçin bäsleşdiler.

Umumy netijeler boýunça ilkinji üçlük:

Russiýa – 6 altyn, 1 kümüş, 1 bürünç (jemi 8 medal)

Polşa – 3 altyn, 3 kümüş, 1 bürünç (jemi 7 medal)

Hindistan – 3 altyn, 2 kümüş, 1 bürünç (jemi 6 medal)

Gazagystan hem 3 altyn, 1 kümüş we 3 bürünç medal gazanyp, umumy jemi 7 medal bilen ýokary orunlaryň birinde ýerleşdi. Bu görkeziji ony Polşa we Wýetnam bilen birlikde altyn medal sany boýunça ikinji derejede goýdy.

Bäsleşige gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda Singapur, Rumyniýa, Ýaponiýa, Şwesiýa, Hytaý (Gonkong), Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Türkiýe, Eýran ýaly döwletler hem tapawutlandy.

Halkara Emeli Intellekt Olimpiadasy ýaş zehinleriň emeli intellekt ugrundaky bilimini, programmirleme başarnygyny we döredijilik mümkinçiliklerini halkara derejesinde görkezmek üçin mümkinçilik döredýär.

August 11, 2025

About Author

admin


RECENT COMMENTS
Makul Sözlük
ABOUT

We are addicted to WordPress development and provide Easy to using & Shine Looking themes selling on ThemeForest.

Tel : (000) 456-7890
Email : mail@CompanyName.com
Address : NO 86 XX ROAD, XCITY, XCOUNTRY.