Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy 2026-2027-njy okuw ýyly üçin “Chevening” talyp haky maksatnamasyna gatnaşmak üçin arza kabul edilýändigini habar berýär.
“Chevening” — bu Beýik Britaniýa hökümetiniň abraýly halkara talyp hakly maksatnamasy bolup, dünýäniň ähli künjeginden gelen zehinli geljekki liderlere doly maliýeleşdirilen mümkinçilikleri berýär. Maksatnamanyň çäginde bir ýyl möhletinde Beýik Britaniýanyň bir uniwersitetinde magistr derejesini almak mümkinçiligi bar.
Beýik derejeli bilimden başga-da, “Chevening” maksatnamasy aýratyn çäreler, tejribe we global maksatnamanyň ucurymlar jemgyýetiniň bir bölegi bolmak hukugyna eýe bolýar.
Arza bermek barada maglumatlar:
Onlaýn arza: chevening.org/apply
Soňky möhlet: 2025-nji ýylyň 7-nji oktýabry
Göz öňünde tutulýan talaplar: Ähli dalaşgärler “Chevening” maksatnamasynyň şertlerine laýyk gelmeli, ol barada onlaýn görkezmede jikme-jik maglumat berilýär. Arza bermekden öň onuň üns bilen okamagy maslahat berilýär.
Resminamalaryň terjime hyzmaty : Makul Terjime
Daşary ýurtda bilim almak isleýän talyplaryň resminamalaryň dogry we takyk terjime edilmegi wajyp bolup durýar. Şu maksat bilen Türkiýede we dünýäniň dürli künjeginde bilim almak isleýän talyplar halkara okuw resminamalaryň terjimesi ulgamynda ýöriteleşen “Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň Aşgabat şäherindäki merkezlerine ýüz tutup bilerler.
“Makul Hyzmat” Terjime Merkezi
Aşgabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok,
Makul Hyzmat Ofis, 4. gat, 401
Tel: +993 63 78 96 73 / + 993 12 96 48 55
Elektron poçta salgysy: makulhyzmat@gmail.com